“Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik

Image description

“Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Gökderedäki “Çeşme” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde  çykyş eden hünärmenler Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar ykbalyna ösüşleriniň we halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň esasy hökmünde garalyp, çagalara bilim berlişiniň hilini kämilleşdirmek, olary bilime höweslendirmek boýunça ýurdumyzda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň durmuşymyzy şatlyk-şagalaňa besleýän bagtyýar neslimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri bilen bilelikde Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleriniň ylymly-bilimli, bagtyýar edip ýetişdirmek maksady bilen olaryň ylymlar ummanyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagy esasy üns merkezine öwrüldi diýip buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda dynç alyşdaky çagalar bilen sorag-jogap alşyldy we beren gyzykly sowallaryna peýdaly jogaplar aldylar. Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşan hünärmenler hem-de çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Berkarar döwletiň bagtyýar …

Metbugat gullugy