“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly eseriniň III tomuna syn geçirildi

Image description

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde Hormatly Prezidentimiziň  iňlis dilinde neşir edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly eseriniň III tomuna syn geçirildi.

Türkmen halkynyň taryhy ösüşi ýolunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” kitaby täze mazmun bilen baýlaşýar. Bu döwür diňe bir gazanylan üstünlikleri jemlemek bilen çäklenmän, eýsem geljek nesiller üçin berk binýadyň goýulýan tapgyrydyr. Bu kitapda döwrebap ösüşiň esasy ugurlary, şanly özgerişler, ýaşlar syýasaty hem-de adam maýasynyň ösdürilmegi giňden beýan edilýär.

      “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” kitabyň III tomy döwrebap ösüşiň giň gerimini açyp görkezýär. Bu kitapda döwletlilik tejribesi , sanly özgerişler, bilim we ruhy gymmatlyklar bitewi ösüş ýolunda birleşýär. Geljek nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler Türkmenistanyň kuwwatly we bagtyýar döwlet hökmünde ösüşiniň dowamlylygyny üpjün edýär.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Berkarar döwletiň täze …

Metbugat gullugy