Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli “Berkarar Watan-bagtyýar nesil!” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Berkarar Watan-bagtyýar nesil!” atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara görelde mekdebi bolan eserleri, bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanan üstünliklerini beýan edýän kitaplar, çeper eserler we körpe nesiller üçin niýetlenen türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Bu gurnalan kitap sergisi parahat ýurdumyzda sagdyn ösüp kemala gelýän ýaşlarymyzda, körpeje çagajyklarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il–ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Berkarar Watan-bagtyýar nesil!” …