Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary we toplamak bölümleri “Beýik Serdar nesilleri” 75-nji orta mekdebinde “Mekdeplerde himiýa we biologiýa dersleri boýunça gollanmalar” ady bilen göçme kitap sergisini gurnadylar.
Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da himiýa hem-de biologiýa baradaky gollanmalar hem ýerleşdirildi.
Göçme kitap sergisini görmäge gelen mugallymlar hem-de okuwçylar üçin bu edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Beýik Serdar nesilleri” …