“Bilim – bagtyýarlygyň binýady”

Image description

Bilim – bagtyýarlygyň binýady

     Aşgabat  şäheriniň daşary ýurt dilleirni çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta  mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, “Bilim – bagtyýarlygyň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

             Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri  hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşir edilen kitaplary we çeper eserler ýerleşdirildi.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän kitaplary bilen okyjylary özüne çekýän kitaplarynyň mähriban halkymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň ruhy baýlygyny, Watana, halkymyza bolan söýgüsini artdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri  hem-de Magtymguly Pyragynyň neşir edilen eserlerine bagyşlanyp gurnalan bu sergä kitaphananyň işgärleri hem-de mugallymlardyr, okuwçylar işjeň gatnaşdylar we olarda uly gyzyklanma döretdi.

                   Sergä gatnaşyjylar bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilim – bagtyýarlygyň …

Metbugat gullugy