“Bilim-belentlige badalga ” atly  kitap sergisi gurnaldy

Image description

“Bilim-belentlige badalga ” atly  kitap sergisi gurnaldy.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Bilim - belentlige badalga” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergi gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”diýip ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir tutumly işleriniň mysalynda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigine aýdyň göz ýetirýäris.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilim-belentlige badalga ” …

Metbugat gullugy