“Bilimden paý alýan bagtyýar ýaşlar” atly sergi gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri we kitaphanalarda öz bilimlerini artdyrmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Bu günki gün umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň toý ruhy gurşap aldy. Täze okuw ýyly mynasybetli bilim ojaklarynda dabaralar, dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli “Bilimden paý alýan bagtyýar ýaşlar” atly kitap sergi gurnady. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary, şeýle hem dürli ugurlar boýunça okuw kitaplary, milli mirasymyzyň, halk döredijiligimiziň waspyny ýetirýän neşir önümler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilimden paý alýan …