“Bilime yhlasly ýaşlar”

Image description

“Bilime yhlasly ýaşlar”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň kitaphanaçylary Gökderedäki “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen gürrüňdeşlik gurnadylar.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesilleriň, ajaýyp zamanamyzyň gül-gunçalaryna deňelýän mähriban körpelerimiziň  her birinde kitaba bolan söýgüni döretmek  kitaphanaçylaryň baş wezipesidigi dogrusynda belläp geçdiler we olar bilen tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny hoş geçirişleri bilen gyzyklanyp, sorag-jogap alyşdylar.Gürrüňdeşligiň çäginde ýaş nesli türkmen milli lybaslarynyň, milli el işleriniň,şeýle hem neşir önümleriniň sergisi bilen tanyş etdiler. Göçme sergisini görmäge gelen çagalar üçin milliligimizi öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilime yhlasly ýaşlar”

Metbugat gullugy