“Bilimler çeşmesi-Kitaphanalar”

Image description

“Bilimler çeşmesi-Kitaphanalar”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gezelençde boldylar we kitaphananyň bölümleriniň alyp barýan iş aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyş boldylar. Mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan bölümleriň işi hakynda okuw sapagyny geçdiler we kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanaçylyk işi bilen gyzyklanýan talyp ýaşlarda şeýle gezelençleri gurnamak we okuw sapagyny geçirmek kitaba bolan höwesiniň artmagyna uly ýardam berýär. Bagtyýar ýaşlaryň okap, dünýä ülňülerine laýyk bilimlerini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilimler çeşmesi-Kitaphanalar”

Metbugat gullugy