“Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli “Ýaş nesil-röwşen geljek” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli “Ýaş nesil-röwşen geljek” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijelerinden ugur alyp, Medeni köpçülik işleri bölümi “Ýaş nesil-röwşen geljek” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanýan günlerinde kitaphanada alnyp barylýan işler hakynda  giňişleýin söhbet etdiler.

Olar söhbetleriniň ahyrynda öz alyp barýan syýasaty bilen ady dünýä dolan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan – buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilimler we talyp …

Metbugat gullugy