“Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi

Image description

“Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Sergide çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýandygyny, mekdebe çenli bilim edaralarynyň täze binalarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilmegi bu bilim derejesinde körpeler üçin maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, mekdebe çenli ýaşly körpeler bilen döwlet mekdebe çenli bilim edaralarynda geçirilýän bilim-terbiýeçilik işleri many-mazmun taýdan täzelenip, dünýäniň ösen döwletleriniň derejelerine laýyk getirilýändigini buýsanç bilen beýan etdiler.                                                                                                            

Göçme kitap  sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.

Kitap sergisi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem çagalara kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berildi.

Sergä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilimli nesil - …

Metbugat gullugy