Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Bilimli nesil-kuwwatly Watan” atly sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ylym-bilim- gymmatly hazyna” atly baýramçylyk dabarasyny gurnady. Dabaranyň dowamynda “Bilimli nesil-kuwwatly Watan”atly sergi gurnady.
Ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz: “Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl. Şonuň üçin hem “Bilimli nesil-kuwwatly Watan!” diýen ýörelgelerden ugur alyp biz geljekde hem ýurdumyzda ylym-bilimi giňden ösdürmek üçin ähli çäreleri göreris” diýip belleýär.
Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy enjamlaryň binýady pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilip gelinýär. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan-da beýläk rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
13.11.2025ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bilimli nesil-kuwwatly Watan” …