“Birinji Türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna” atly bibliografiýa görkezijisine syn

Image description

“Birinji Türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna” atly bibliografiýa görkezijisine syn

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren 2026–njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynyň bir bölegi bolan kitaphanalarda  hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Ýaňy ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Azerbaýjan Milli kitaphanasy tarapyndan taýýarlanan “Birinji Türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna” atly bibliografiýa görkezijisi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna sowgat berildi. Bu täze gelip gowşan kitaba Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan syn geçirildi. Kitapda beýleki halklar bilen birhatarda türkmen ýazyjylarynyň hem adynyň tutulmagy, bu goňşy döwletler bilen gatnaşyklary uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýändigini subut edýär. Türkologiýa gurultaýynyň taryhyny açyp görkezýän maglumatlardan ybarat bolan kitap, Döwlet kitaphanasynyň  gaznasynyň baýamagyna uly goşandyny goşdy. Kitaphana synyna  gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Birinji Türkologiýa gurultaýynyň …

Metbugat gullugy