Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Bitarap Watanym- jennet mekanym” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.
Döwlet kitaphanasynda ”Türkmenistan Sport “ teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Bitarap Watanym- jennet mekanym” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýerine ýetirilen beýik işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we dost-doganlyk syýasaty hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijeleri okyjylarymyzyň arasynda wagyz etmeklikde alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak ,beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bitarap Watanym- jennet …