Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçylary "Bitaraplyk baýramy, bagtyýarlyk aýdymy" ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz, şanly taryhymyzyň dürli döwürlerde şöhratly pederlerimiz tarapyndan dünýä ýaýylyp, ynsanperwerlige adyllyga ýugrulan ýörelgeler nesilden-nesile geçip, taryhyň ähli döwürlerinde güýjüni ýitirmän gelendigini nygtap geçdiler. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze sepgitlere göterilendigini görmek bolýar. Parahatlyk aýdymynyň ýaňlanyp durmagy her bir ynsanyň bagtyýar ertiriniň aýdyň subutnamasydyr. Goňşy döwletleriň toýly günlerimizde ýürekden çykýan owazymyza goşulşup parahatlyk heňine hiňlenýän döwrümizde diňe toýlar tutulmagyny hem-de çaga gülküsiniň bolmagyny arzuwlap, öz ýürek buýsançlaryny owadan goşgy setirlerinde beýan etdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşan kärdeşlerimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaçlanmagy üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Bitaraplyk baýramy, bagtyýarlyk …