“Bitaraplyk-umumadamzat gymmatlygy”atly kitap sergisi

Image description

“Bitaraplyk-umumadamzat gymmatlygy”atly kitap sergisi.

        Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Medeni köpçülik işleri bölümi ” Bitaraplyk-umumadamzat gymmatlygy”ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna  bagyşlanan kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri,şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda  çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

Metbugat gullugy