Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri saglygy goraýyş ulgamy” ady bilen sergi gurnaldy.
Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynyň iňlis dilinde çap edilen nusgasy hem-de ençeme daşary ýurt dillerinde neşir edilen saglygy goraýyş ulgamyna degişli neşirler ýerleşdirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Berkarar döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrmak , saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işleri amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: bölüminde “Dünýä döwletleri …