Bütindünýä saglyk güni mynasybetli  “Saglyk-başymyzyň täji” atly kitap sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli  “Saglyk-başymyzyň täji” atly kitap sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi “Saglyk-başymyzyň täji” ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitaplary hem-de Saglyk Maksatnamasy, şeýle hem ýurdumyzda täze guralan saglyk binalary, sport desgalary hakynda ýazylan eserler goýuldy.Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz we gymmatly gollanmadyr. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

  Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Bütindünýä saglyk güni …

Metbugat gullugy