Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk-sazlaşyk sungaty” ady bilen söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitabyndan “Saglyk-sazlaşyk sungaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän sagdynlyk ýörelgesi ýurdumyzda ähli döwürlerde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýazyp bize peşgeş beren ajaýyp eserlerinde sagdyn durmuşyň adamlara bagt, şatlyk, saglyk, kalp gözelligini paýlaýandygyny, sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny, onuň şähdiňi açyp, ruhuňy galkyndyrýandygyny belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly eserleri çuňňur many-mazmuna we kämil çeperçilik derejesine eýe bolan beýleki eserleri ýaly ýaşlar üçin we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin gollanma bolup durýar. Türkmenistany sport döwleti hökmünde belent abraýa eýe eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Bütindünýä saglyk güni …