“Çagalar biziň – ertirki geljegimizdir” ady bilen sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni  mynasybetli  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda çagalar bilen gezelençler gurnady.

Öz bilişimiz ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň” her bir güni, ajaýyp ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýär. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Çagalar biziň – ertirki geljegimizdir” ady bilen sergiler gurnalyp, bu sergilere çagalaryň gezelenç edip kitap okamaklyga howesleriniň hasda artmagyna kömek edendir diýip çagalaryň ýanlary bilen gelen mugallymlar höwes bilen gürrüň berýärler.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda gurnalan sergilerde türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda çagalar üçin kitaplar sergilendi.Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini many-mazmunyny düşündirmek arkaly ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini güýçlendirmek, olaryň watançylyk duýgularyny, ylym-bilime, milli mirasa, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini ösdürmek maksady bilen gurnalan kitap sergimize gatnasan çagalar, ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar biziň – …

Metbugat gullugy