“Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir”

Image description

“Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 48-nji çagalar bakja - bagynda “Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpelere türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Asuda ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ilhalahar, ylymdan-bilimden paýly bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar biziň geljegimizdir, …

Metbugat gullugy