"Çagalar durmuşyñ bezegi" atly çeper okaýyş geçirildi

Image description

"Çagalar durmuşyñ bezegi" atly çeper okaýyş geçirildi.

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Döwlet kitaphanasynyñ Hyzmat ediş bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 75-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda "Çagalar durmuşyñ bezegi" atly çeper okaýyş geçirdiler. Şeýle hem ertekili kitaplardan sergi gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpelere türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriñ gahrymanlary barada giñişleýin gürrüñ etdiler. Bakja-bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Kitaphana işgärleri we terbiýeçiler körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Çagalar durmuşyñ bezegi" …

Metbugat gullugy