“Çagalar-durmuşyň güli” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi geçirildi

Image description

“Çagalar-durmuşyň güli” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 117-nji çagalar bagynda “Çagalar-durmuşyň güli” ady bilen körpejeleriň arasynda  sesli okaýyş çäresini gurnady. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik, terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda körpejelere birnäçe ertekileri okap berdiler we olar bilen ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alyşdylar. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Gurnalan söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar we körpejeler şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň  uzak, alyp barýan beýik işleriniň  rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar-durmuşyň güli” ady …

Metbugat gullugy