“Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 27-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi.Çagalaryň edepli-ekramly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr.
Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar edebiýaty bilen …