“Çagalar röwşen geljegimiziň nury”.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 127-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar röwşen geljegimiziň nury” ady bilen körpeleriň arasynda çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ertekilerden labyzly okap berildi we ertekileriň gahrymanlarynyň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Bakja – bagyndaky körpeler okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan çagalara degişli kitaplardan göçme kitap sergisi hem gurnaldy.
Gelejegimiz bolan ýaş nesillere ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar röwşen geljegimiziň …