“Çagalar–röwşen geljegimiz” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Image description

“Çagalar–röwşen geljegimiz” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 83-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar – röwşen geljegimiz” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi. Çagalaryň edepli-ekranly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr.

Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar–röwşen geljegimiz” ady …

Metbugat gullugy