“Çar tarapda Garaşsyzlyk mukamy” ady bilen dabara geçirildi

Image description

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Çar tarapda Garaşsyzlyk mukamy” ady bilen dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Çar tarapda Garaşsyzlyk mukamy” ady bilen dabara geçirdi. Dabara halypa žurnalistler, ylmy işgärler, kitaphanaçylar we okyjylarymyz gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçmiş pederlerimiziň asylly ýol ýörelgelerini döwrebap ösdürip, berkarar döwletimizi parahatçylygyň, asudalygyň mekany hökmünde halkara jemgyýetçiligine giňden tanadandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda bitirilen ähli beýik işleriň şaýady bolandygymyz döredijilikde,ykdysady-pudaklarda, bilimde, saglykda, sportda üstünlik gazanylandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çar tarapda Garaşsyzlyk …

Metbugat gullugy