“Çeper eserlerde zenanlaň keşbi” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

“Çeper eserlerde zenanlaň keşbi” atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki-günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler  bölüminiň okalga zalynda hem okyjylar üçin “Çeper eserlerde zenanlaň keşbi” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplar we gaznamyza täze gelen kitaplar ýerleşdirildi. Bu sergi okyjylarda we ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

 Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-güniň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çeper eserlerde zenanlaň …

Metbugat gullugy