Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Çyn bedewler meýdanynda bellidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi,
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny uly dabara bilen bellenilýändigini,bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar geçirilmegi birnäçe günläp dowam edilýändigi hakynda nygtadylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän ‘’Iň owadan Ahalteke Bedewi’’ atly gözellik bäsleşigi geçirilýär, türkmen behişdi bedewleriniň gözelliginiň we asyllylygy barada uly buýsanç bilen söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çyn bedewler meýdanynda …