Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Danalaryň daýançy”- atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Danalaryň daýançy”- atly kitap sergi gurnaldy. Sergimize Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet unwerstetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Şeýle-de sergä gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly ajaýyp kitabynda: Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr– diýip, Magtymguly Pyraga uly baha berilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Danalaryň daýançy”- atly …