Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Däneli ekinleriň tehnologiýasy” atly kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Däneli ekinleriň halk hojalygynda ähmiýeti, gurluş aýratynlyklary, ýarmanyň we unuň tehnologiýasy, dänäni gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalarynyň tehnologik enjamlarynyň niýetlenilişi, gurluşy onuň tehniki-ykdysady häsiýetnamasy we ulanmaklygyň usullary barada ylmy hem önümçilik taýdan ähmiýetli maglumatlar beýan edilýär. Şeýle-de ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan elewatorlar, degirmenler, saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan kärhanalar işleýär. Bularyň ählisi içerki sarp ediş bazaryny öz ýurdumyzda öndürilýän çörek önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülendigine güwä geçýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde uly üstünlikler gazanyldy we gazanylýar diýip, uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Sergä gatnaşan talyp yaşalar hem-de okýjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Däneli ekinleriň tehnologiýasy”