Türkmenistanyň Senagatçylyk we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, “Aşgabat ” teleýaýlymy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň “Daşary syýasaty parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly”atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar.Ýurdumyz daşary syýasatda Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýäniň ähli döwletleriniň we halklarynyň bähbitlerini nazara alyp,Türkmenistanyň ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary bilen halkara abraýy barha belende galýar diýip uly buýsanç bilen söhbet etdiler.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Daşary syýasaty parahatçylygyň …