Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi “Dilim bar- dünýäm bar” atly kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler “Dilim bar- dünýäm bar” diýen jümle türkmen halkynyň diline we medeniýetine goýýan uly hormatynyň beýanydyr. Bu jümle dilimiziň diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem, halkymyzyň taryhyny, ruhy baýlygyny, milli aýratynlyklaryny saklaýan we geljek nesillere geçirmegiň iň möhüm serişdesidigini görkezýär. Häzirki zaman maglumat we tehnologiýalar döwründe daşary ýurt dillerini bilmek her bir adam üçin möhüm zerurlyga öwrüldi. Daşary ýurt dilleriniň arasynda iň köp ýaýranlary – iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, ispan ýaly diller bolup, bu diller dünýäniň köp ýurtlarynda bilim, söwda, syýahatçylyk we diplomatiýa ýaly ugurlarda giňden ulanylýanlygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dilim bar- dünýäm …