“Diýarymyz gül açýar, toýlar-toýa ulaşýar” atly söhbetdeşlik

Image description

“Diýarymyz gül açýar, toýlar-toýa ulaşýar” atly söhbetdeşlik.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminde “Diýarymyz gül açýar, toýlar-toýa ulaşýar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda  hemişelik  Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilen dürli çäreler,ýurt ähmiýetli edilen işler hakynda söhbet etmek  bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işler, dabarasy dünýä dolýan şanly wakalar iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygyny nygtadylar.Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphana işgärleri ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Diýarymyz gül açýar, …

Metbugat gullugy