Dokma pudagynyň ösüşleri

Image description

Dokma pudagynyň ösüşleri.

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Dokma pudagynyň ösüşleri” atly kitap sergisini gurady. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşýan döwründe ähli pudaklarda guwandyryjy görkezijiler gazanylýar. Häzirki döwürde dokma pudagy ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we kuwwatly pudaklarynyň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda işe girizilen dokma kärhanalarynyň ählisinde innowasion tehnologiýalar, ýokary öndürijilikli enjamlar, işiň gidişini dolandyrmak üçin iň ýokary derejeli dolandyryş- tehniki serişdeler ulanylýar. Täze gurlan kärhanalarda pagta süýümini, piläni gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleri öndürmeklige çenli gutarnykly tilsimat tapgyrlary ornaşdyryldy. Döwrebap dokma kärhanalarynda jinsi, setin,ýüpek, trikotaž matalary we öň Türkmenistanda öndürilmedik taýýar önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.

     Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudaklarynyň birine öwrülip, döwletimiziň ykdysady ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar.Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumyadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dokma pudagynyň ösüşleri

Metbugat gullugy