“Dokma toplumlarynyň mekany ” atly kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Dokma toplumlarynyň mekany ” atly  kitap sergisini gurnady.

Bu kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan  dörän ajaýyp eserleri, şeýle-de dokma pudagyna degişli kitaplar ýerleşdirildi. Berkarar  döwletimiziň täze  eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň dokma pudagy milli ykdysadyýetimiziň iň bir ýokary depginde ösýän ugurlarynyň biri içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarynda hem bäsleşige ukyplylygy yzygiderli ýokarlanýar. Dünýäniň ençeme ýurdunda türkmen dokma önünmleriniň hyrydarlary yzygiderli köpelýär. Bularyň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň uly üstünlikleridir.

 Sergä gatnaşan talyp yaşalar hem-de  okyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag , ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dokma toplumlarynyň mekany …

Metbugat gullugy