Dost-doganlyk döwletlerinden sowgat berlen täze neşirlere kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna dost-doganlyk döwletlerinden sowgat berlen täze neşirlere kitaphana syny geçirildi.

     Kitaphana synynda çykyş edenler Özbegistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň Döwlet kitaphanasyna sowgat beren özbek dilinde neşir edilen “Görogly” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Bu kitapda Rahmatulla şahyr Ýusuf oglunyň dilinden ýazga geçirilen 27 sany dessanyň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Dessanlarda  rowaýata öwrülen halk gahrymanynyň dünýä inişi, onuň batyrlyk bilen geçen ýaşlygy, başdan geçiren söweşleri, erkinlik ülkesi bolan Çambyl şäheriniň gurulmagy, onuň perzentleriniň – Hasanhanyň we Awazhanyň Çambyla getirilmegi, olaryň gahrymançylyklary söýgi we wepalylyk, ata-ene hormaty, doganlyk, dostluk, hem-de Watana bolan söýgi ýaly temalar beýan edilýändigini mälim etdiler.

   Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dost-doganlyk döwletlerinden sowgat …

Metbugat gullugy