“Dostluk, ynanyşmak, netijelilik”atly kitap sergisi

Image description

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Dostluk, ynanyşmak, netijelilik”atly kitap sergisini gurnady.

     Bu kitap sergide Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan  dörän ajaýyp eserleri, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän edebiýatlar bilen kitap sergisinde giňişleýin ýerleşdirildi.Öz bilişimiz ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz parahatçylygy, dost-doganlygy ýaýbaňlandyrýan merkez hökmünde tanalýar.Halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesi milli gymmatlyk hökmünde dünýäde kabul edilýär. Parahatçylyk bar ýerinde durmuşyň ajaýyplygy, bagtyýarlyk hakynda aýdymdyr, sazlar belentden-belent ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ilkinji sahypalarynda “Ajaýyp, ýalkawly bu mekanlara diň salsaň, ondan, hakykatdanam, parahatçylyk hakyndaky ebedi arzuwlaryň sedasy eşidiler” diýip, belleýär. Şonuň üçinem türkmeniň asmany arassa, topragy abatdyr.  “Asuda öýüň duzy datly” diýlişi ýaly, gazanylýan beýik ösüşleriň häzüriniň ýakymy ýurdumyzda höküm sürýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmagynda has-da aýdyň duýulýar.

      Parahat ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadaymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dostluk, ynanyşmak, netijelilik”atly …

Metbugat gullugy