“Dowamatyň-dowamy siz Eneler!” atly söhbetdeşlik

Image description

“Dowamatyň-dowamy siz Eneler!” atly söhbetdeşlik.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Dowamatyň-dowamy siz Eneler!”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler bagtyýar zenanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy, maşgala mukaddesligini goramaklyk, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý-sepler, türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi.

  “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dowamatyň-dowamy siz Eneler!” …

Metbugat gullugy