Döwlet kitaphanasyna dost- doganlyk döwletlerinden sowgat berlen täze neşirlere bagyşlap kitaphana syny.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi tarapyndan Döwlet kitaphanasyna dost- doganlyk döwletlerinden sowgat berlen täze neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen, Russiýa Federasiýasynyň raýaty, görnükli aşpez we ýazyjy S.Nankişiýewiň 2024-nji ýylda Moskwada çap edilen”Земля, душа и еда татар” (rus we iňlis dillerinde) atly kitaby, 2025-nji ýylda çap edilen ”Планета Плов”, ”Новый казан, мангал и другие мужские удовольствие” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. S.Nankişiýewi ХХI asyrda dünýä boýunça meşhurlyk gazandyran bu kitaplarynda tatar halkynyň milli tagamlarynyň geçmişi, şu güni, geljegi, Orta Aziýa halklarynyň meşhur palowy barada, dürli tagamlaryň taýýarlanyşy suratlary bilen bezelendigini beýan etdiler. Bu  sowgat berlen kitaplar Döwlet kitaphanasynyň gaznasyny has-da baýlaşdyrjakdygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler.Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna dost- …

Metbugat gullugy