Döwlet kitaphanasyna gezelenç

Image description

Döwlet kitaphanasyna gezelenç

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary gezelençde boldular. Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary bilen tanyşdylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Talyp ýaşlarymyz okamagy, öwrenmegi we döredijikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna gezelenç

Metbugat gullugy