Döwlet kitaphanasyna gezelenç

Image description

    Döwlet kitaphanasyna gezelenç.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Aşgabat şäheriniň 130- njy mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryny kitaphananyň bölümleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen gezelenç gurnadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitabynda ýaşlar barada şeýle belläp geçýär:”Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegi, türkmen halkynyň mertebesi, baky dowamatydyr” diýen ajaýyp setirlerinden ugur alyp kitaphanadaky gezelenç mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy hem-de olar özlerini gyzyklandyran soraglara jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşan okuwçylar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna gezelenç

Metbugat gullugy