Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 132-nji Ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary gezelençde boldular. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini ösdürip, olara kitaby goramagyň we goramak üçin kitaphanamyzyň alyp barýan iňňän inçe tilsimleri bilen tanyşdyrmakda kitaphana işgärleri giňişleýin maglumatlar berdiler. Sebäbi kitap bilen dost bolmak beýik gelejege ýol salmak diýmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaphanamyza peşgeş berýän müňýyllyklaryň manysyny özünde jemleýän ajaýyp kitaplary bilen tanyşan ruhy belent ýaşlarymyz kitaphanalar bilen mydama aragatnaşykda boljakdyklaryny uly buýsanç bilen bellediler.
Gezelenje gatnaşan ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiz, ýaşlara bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çuňňur alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna gezelençde.