Döwlet kitaphanasyna kitap gowşuryş dabarasy boldy

Image description

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna kitap gowşuryş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin, Birinji Sekretary He Çziweý  duz - çörek bilen garşy alyndy. Soňra gelen myhmanlar kitaphana gezelenç etdiler we ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan sowgat berilen kitaplaryň we dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi bilen tanyş boldylar. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin, Birinji Sekretary He Çziweý  “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyş boldylar. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen  geljekde dostlukly ýurtlaryň arasynda uzak möhletleýin iş salyşmak maksady bilen ,şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň hazynasynyň üstüni hytaý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna 3 dilde neşir edilen, 46 at ýazgy bilen 200 kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa  hormatly Prezidentimiz  Serdar Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna kitap …

Metbugat gullugy