Döwlet kitaphanasynda gezelenç

Image description

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş  instituty gezelençde boldylar.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet  ykdysadyýet we dolandyryş  institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan  soraglara  jogap tapdylar.Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda,bilim ulgamyny ösdürmek,okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek,sanly bilim ulgamyny ornuşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

   Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasynda gezelenç

Metbugat gullugy