Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi tarapyndan Döwlet kitaphanasyna dost- doganlyk döwletlerinden sowgat berlen täze neşirlere bagyşlap kitaphana syny.

Image description

Turkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi tarapyndan Döwlet kitaphanasyna dost- doganlyk döwletlerinden sowgat berlen täze neşirlere bagyşlap kitaphana  syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler  Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 2003-nji ýylda Duşenbede çap edilen “Тысяча лет в одну жизнь” şeýle-de Täjikistan respublikasynyň ýazyjysy Ato Hamdam, Leonid Çigrin 2011-nji ýylda Duşenbede çap edilen “Emomali Rahmonyň edermenligi”  atly kitaplar bilen tanyşdylar. Kitapda Täjigistan ýurdynyň ösüşi, ösüşi ugrunda alnyp barylýan işler, Döwlet baştutanynyň Halkara  çärelerde beren interwýulary, çykyşlary, makalalary  hakynda aýdyň gürrüň berilýär. Täjik halky dünýä siwilizasiýasyny şygyrýetde, sungatda, ylmyň köp ugurlarynda  baýlaşdyran halkdyr. Milletiň lideriniň belent wezipesi bolsa, halkyň bu döredijilik güýjini onuň mundan bu ýana-da ösmegi üçin ulanmagy üpjün etmekden ybaratdygyny nygtadylar.

Kitaphana synynda gatnaşanlar dost-doganlyk ýolyny ösdürmekde uly parahatçylykly  işlerini alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleriniň uzak bolmagyny, Ata Watanymyzda dost-doganlyk sazyny hemişe ýaňlanyp durmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri …

Metbugat gullugy