 
                            Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna peşgeş beren “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler”, “Hemişelik Bitarap Watanmyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap ösüşler” atly kitaplar bilen tanyşdyrdylar. “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitapda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän 22 bölümden ybaratdygyny beýan etdiler. Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanandygyny nygtadylar.
Kitaphana synyna gatnaşanlar türkmen halkynyň saglygyny ilkinji orunda goýup, saglygy goraýyş ulgamynda uly hemaýatlary berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri …