“Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewiligi” atly maslahat

Image description

“Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewiligi” atly maslahat.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewiligi” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden kitaphana hünärmenleri sözüniň başynda  2026-njy ýylymyzyň gündogar senenamasy boýunça at ýylydygyny belläp geçdi we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanjakdygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmen halkymyzyň bedewi mydama özleriniň iň ýakyn syrdaşy hasaplandyklaryny nygtamak bilen Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi taryplaýan eserleri dogrusynda, türkmen bedewi barada gadym döwürlerde aýdylan atalar sözleri, rowaýatlar hakynda söhbet etdiler. Maslahata gatnaşyjylar söhbediniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Döwlet we jemgyýet: …

Metbugat gullugy