"Döwrebap kitaphanalarda sanly ulgamyň ösüş binýady" ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

"Döwrebap kitaphanalarda sanly ulgamyň ösüş binýady" ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alynyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde "Döwrebap kitaphanalarda sanly ulgamyň ösüş binýady" ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde   kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly innowasion ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Döwrebap kitaphanalarda sanly …

Metbugat gullugy