“Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

     Akyldar şahyr Magtymguly – Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman eýsem ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçindir örän täsir galdyrýar. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen  baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr. Şular dogrusynda kitaphanaçylar söhbetlerini dowam etdirip, Magtymguly Pyragynyň watançylyk temasynda ýazylan goşgularyndan labyzly okadylar.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Döwürleriň röwşen ösüşlerine …

Metbugat gullugy